Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Mähriban zenan» atly ýyllyk 12% bilen täze möhletli goýum hödürlenýär

22:0101.03.2022
0
38042

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky öz müşderilerine Halkara zenanlar güni mynasybetli ýörite açylan «Mähriban zenan» atly täze möhletli goýumyny hödürleýär.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, bu goýum ýyllyk 12% bilen 1 (bir) ýyl möhlete açylýar. Goýuma 500 (bäş ýüz) manatdan 50 000 (elli müň) manada çenli pul serişdeleri nagt we aýlyk zähmet haky geçirilýän «Altyn asyr» bank kartynyň üsti bilen nagt däl görnüşde kabul edilýär.

«Mähriban zenan» goýumyna 16 ýaşdan ýokarylar — gelin-gyzlar, eneler 2022-nji ýylyň 1-nji martyndan 1-nji maýy aralygynda pul serişdelerini goýup bilerler.

Goşmaça maglumat almak üçin bankyň merkezi edarasyna ýa-da islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz: Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-02-80.

Şahamçalaryň salgylary we telefon belgileri bankyň www.tnbk.tm internet sahypasynda ýerleşdirilendir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň