Parižde “Sezar” kino baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy

17:2422.02.2015
0
2731

Aşgabat, 22.02.2015. “Türkmenportal”.

Parižde Fransuz “Oskary” diýlip atlandyrylýan “Sezar” milli kino baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Ol garaşylmadyk netijelere baý boldy.

Mawritaniýaly režissýor Abderrahman Sissako “Sezaryň” gowşurylyş dabarasynyň hakyky ajaýyp üstünligiň eýesi boldy. Ol geçen ýyl diňe halys berlen kişileriň ýowuz düzgüninden söhbet açýan “Timbuktu” filmini hödürläpdi.

Onuň işi 8 görnüşiň 7-sinde ýeňiji boldy.

Muňa garamazdan, Sissakonyň lentasyna “Soňky metro” we “Sirano de Beržerak” filmleriniň öňki rekordyny täzelemek başartmady, çünki olaryň hersi 10 heýkeljige mynasyp bolupdy.

Kino sungatyna goşan goşandy üçin berilýän hormatly “Sezar” bolsa amerikaly Şon Pene gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň