Täze kitap çapdan çykdy

17:0122.02.2015
0
5388

Aşgabat, 22.02.2015. «Türkmenportal».

Türkmen döwlet neşirýat gullugy Didarberdi  Allaberdiýewiň  «Sözlär senaly dilim» atly şygyrlar ýygyndysyny çapdan çykardy.

 «Sözlär senaly dilim» atly kitap «Watannama», «Arkadaga alkyşnama» ýaly bölümlerde ýerleşdirilen Watany, beýik döwri wasp edýän özboluşly şygyrlar bilen açylýar.

Didarberdi  Allaberdiýewiň täze kitabuynyň beýleki bölümleri dürli temada döredilen goşgularydyr rubagylary öz içine alýar.

 Dünýä, durmuş, adam ykballary, yşk-söýgi... baradaky oýlanmalar şygyr muşdaklarynyň hiç birini-de biparh goýmasa gerek.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň