Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi işgärleri işe kabul edýär

13:0301.03.2022
0
53012

Gartaşan adamlara we doly ýa-da bölekleýin zähmete ukypsyzlygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän edaralarda işlemek üçin durmuş işi boýunça işgärler wezipesine hünärmenler talap edilýär.

Bu barada Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Bu wezipä durmuş işi, sosiologiýa, psihologiýa, pedagogika, raýat hukugy, ykdysady we ynsanperwer ylymlary boýunça ýokary bilimli raýatlaryň arasyndan dalaşgärler saýlanar.

Şeýle hem bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgärleriň azyndan 3 ýyl iş tejribesi bolmaly.

Boş iş orny barada goşmaça maglumat üçin dalaşgärler 39-48-14, 39-48-69 telefon belgileri arkaly alyp, ýa-da mlsp.gov.tm saýtynda görüp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň