Aşgabatdaky ITEA zenanlar üçin niýetlenilen «Açyk sapak» çäresini geçirýär

10:5801.03.2022
0
4776

Paýtagtymyz Aşgabatdaky Halkara IT akademiýasy mart aýynyň dowamynda öz işini üýtgetmek isleýän ýa-da IT ulgamynda özüni synap görmäge meýil bildirýän zenanlar üçin birnäçe «Açyk sapak» çäresini geçirer.

«Açyk sapak» çäreleriniň sanawynda birinji nobatda 3-nji martda sagat 14:00-da @ technovation.tm bilen bilelikde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Açyk sapak» çäresi bar. Bu «Açyk sapak» çäresiniň maksatnamasy boýunça:

  • Merjen Saparmyradowa çykyş edip, «Launch life» taslamasy bilen tanyşdyrar;
  • Nilufar Mätýakubowa «Soft Skills» mowzugy boýunça çykyş eder;
  • Begenç Jumaýew ykjam goşundyny işläp düzmek mowzugy boýunça çykyş eder;
  • Jennet Atadurdyýewa web sahypa açmak we işläp düzmek mowzugy boýunça çykyş eder.

«Açyk sapak» çäresine gatnaşmak tölegsizdir, ýöne bu ýerdäki otyrylýan ýerler çäkli bolar.

Türkmenistandaky Halkara IT akademiýasynyň «Açyk sapak» çäresine gatnaşmaga isleg bildirenler «docs.google.com» web sahypasynda bellige alynmaly.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly, TSTB-niň edara binasy, 8-nji gat.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň