Soňky habarlar

Arhiw

Häkimler iş maslahatyna ekin, gurluşyk meýdanlaryndan we maldarçylyk toplumlaryndan baglandylar

23:0028.02.2022
0
5343
Häkimler iş maslahatyna ekin, gurluşyk meýdanlaryndan we maldarçylyk toplumlaryndan baglandylar
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň paýtagtynyň we welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda şu gün sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky iş maslahatynyň esasy aýratynlygy oňa sebitleriň ýolbaşçylarynyň ekin meýdanlaryndan we maldarçylyk toplumlaryndan gatnaşmagy boldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Has takygy, iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanyndan, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew Serdar etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginden, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda “Zehin açary” daýhan hojalygyna degişli meýdandan, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew Çärjew etrabynyň «Amyderýa» daýhan birleşiginden, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew Sakarçäge etrabyndaky «Maldar» maldarçylyk hojalygyna degişli sürüden we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow Arçabil şaýolunyň ugrundaky “Abadançylyk” binasynyň ýanyndan gatnaşdy.

Milletiň Lideri häkimleriň işleriň gidişi bilen ýerinde tanşyşy bilen gyzyklandy. Onda ýurtda oba hojalyk işlerini we gurluşyklaryň barşyny mundan beýläk hem ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň