Soňky habarlar

Arhiw

Harkowdaky türkmen “toýy”

09:5822.02.2015
0
4302

Aşgabat, 22.02.2015. “Türkmenportal”.

“Ukrainanyň inžener-pedagogiki akademiýasynda (Harkow) okaýan türkmen talyplary Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni we Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly mynasybetli baýramçylyk agşamyny geçirdiler” diýip, «www.turkmenistan.ru» saýty habar berýär. Baýramçylyk çäresini akademiýanyň Medeni merkezi bilen Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy bilelikde gurady.

Şeýle-de saýtda habar berlişine görä, baýramçylyk çäresine akademiýanyň professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň wekilleri, Harkow oblastyndaky Ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly we daşary ýurtly talyplar gatnaşdylar

Baýramçylyk konsertiniň dowamynda türkmenistanly talyplar tarapyndan milli äheňdäki çykyşlar guraldy, türkmen we ukrain dillerinde aýdymlar we goşgular ýaňlandy.

Türkmenistanly çeper höwesjeňleriň çykyşlary hakyky türkmen toýuny ýatlatdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň