Soňky habarlar

Arhiw

«Indiana Jons» filminiň bäşinji bölüminiň surata düşürilişi tamamlandy

14:5128.02.2022
0
2766

Režissýor Jeýms Mengold «Indiana Jons 5» filminiň nobatdaky bölüminiň surata düşürilişiniň doly tamamlanandygyny resmi ýagdaýda mälim etdi. Ol filmiň bäşinji bölüminiň surata düşürilişinde hem edil «Logan» komiksindäki usullardan peýdalanandygyny belleýär.

«Siz wakany ösdürmeli, ýöne şol bir wagtyň özünde her kim bu ýere näme maksat bilen ýygnanylandygyny hem ýadyndan çykarmaly däl. Franşiza bilen iş salşyp, onuň täsirinde mahalyňyz muňa «Logan» komiksini mysal edip aldym» – diýip, režissýor belläp geçýär.

Kinonews.ru saýtynyň ýazmagyna görä, «Indiana Jons» filminiň bäşinji bölümi 2023-nji ýylda tomaşaçylar köpçüligine ýetiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň