Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň «Daýhanbank» DTB «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

12:3128.02.2022
0
16216

Ýaşlaryň bilim almaga höweslenmegini, olaryň hünärleriniň kämilleşmegini nazarda tutup, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky müşderilerine «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürlenýändigini mälim edýär.

«Talyp karzy» ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň diňe degişli okuwynyň tölegini tölemek üçin nagt däl görnüşinde berilýär. Bu karzyň doly möçberi 42 000 manada çenli bolup, ol ýyllyk 5 göterim esasynda 3 ýyl möhlet bilen berilýär. Karzyň üpjünçiligi hökmünde 10 000 manat möçberine çenli bir ýa-da birnäçe raýatyň zamunçylygy, 15 000 manat möçberine çenli almak üçin hem iki ýa-da ondan köp raýatyň zamunçylygy zerurdyr. Karzy 15 000 manatdan 42 000 manat möçberine çenli almak üçin bolsa girew kabul edilýär.

Bank tarapyndan hödürlenilýän bu karz hyzmatyndan peýdalanmak üçin talyplar bankyň www.dayhanbank.gov.tm resmi saýty arkaly onlaýn görnüşde degişli ýüztutmalaryny we gerek bolan resminamalaryny iberip bilerler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

  • Aşgabat şäheri - 38-03-79; 38-02-86; 24-44-55; 24-52-85;
  • Ahal welaýat şahamçasy - (8-00-137) 3-34-39;
  • Balkan welaýat şahamçasy - (8-00-246) 5-21-51;
  • Daşoguz welaýat şahamçasy - (8-00-322) 9-35-07;
  • Lebap welaýat şahamçasy - (8-00-422) 9-13-48;
  • Mary welaýat şahamçasy - (8-00-522) 6-76-40.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň