Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022—2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama boýunça brifing geçirildi

15:2827.02.2022
0
16289
Aşgabatda Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022—2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama boýunça brifing geçirildi
Surat: tdh.gov.tm

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022—2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi boýunça brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

«Garagum» myhmanhanasynda geçen brifinge Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň wekilleri, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Temmäkä garşy göreşmek boýunça pudagara utgaşdyryjy toparyň agzalary we lukmanlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow giriş sözünde täze maksatnamanyň esasy maksadyny we onuň öňünde durýan wezipeleri häsiýetlendirdi. Ol bu babatda maksatnamanyň ýurduň temmäkiden azatlygynyň derejesini kesgitlemek, bu ugurdaky syýasatyň durmuşa geçirilişine we kanunlaryň ýerine ýetirilişine ýörite gözegçiligi amala aşyrmak, ilatyň, ilkinji nobatda bolsa ýaşlaryň temmäkiniň zyýanly täsirleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmak ýoly bilen temmäkä garşy göreşmegi berkitmek boýunça milli standartlary emele getirmäge gönükdirilendigini belledi.

Brifingde çykyş eden halkara guramalaryň wekilleri Türkmenistanyň temmäkä garşy göreşmek we gözegçilik etmek boýunça köp wagtdan bäri netijeli işleri alyp barýandygyny we bu işleriň temmäkä garşy üstünlikli göreşmek boýunça gowy mysal bolup durýandygyny, muny Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň wekilleriniň eýýäm birnäçe gezek belländiklerini aýtdylar.

Şeýle-de, çeşmede bellenilişi ýaly, bu günki günde Türkmenistan BSGG-niň Ýewropa sebitinde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär hem-de degişli möhüm ugurda giň gerimli işleri dowam etdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň