Soňky habarlar

Arhiw

U-17 Aziýanyň kubogynyň saýlama oýunlary oktýabr aýynda geçiriler

20:0626.02.2022
0
7249

Şu ýylyň oktýabr aýynda 17 ýaşa ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama duşuşyklary geçiriler. Bu barada AFK tarapyndan taýýarlanylan 2022-nji ýyldaky halkara ýaryşlaryň senenamasynda görkezilýär.

Has takygy, saýlama duşuşyklar şu ýylyň 1 ― 9-njy oktýabry aralygynda geçiriler. Onda ýaryşyň final tapgyryna gatnaşmak üçin iň mynasyp ýetginjekler ýygyndylary ýüze çykarylar.

Geljek ýylda Bahreýnde geçiriljek yklym ýaryşynda iň ýokary netijeleri görkezen ýygyndylar ýene şol ýylda Peruda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň