Soňky habarlar

Arhiw

Indoneziýanyň ýaşaýjysy aýalyna hususy bankomat sowgat etdi

15:5226.02.2022
0
4832
Indoneziýanyň ýaşaýjysy aýalyna hususy bankomat sowgat etdi
Surat: Shutterstock/FOTODOM

Indoneziýaly Raffi Ahmad öz aýalyny doglan güni bilen gutlap, oňa hususy bankomat sowgat berdi diýip, «World of Buzz» neşiri habar berdi. Indi onuň aýaly Nagota gije-gündiziň dowamynda islän wagty nobata durman enjamdan pul çekip biler.

Ilkibada aýaly muny henekdir öýtdi, emma bank enjamyna kartyny salanda, ol hakykatdanam, nagt pul berensoň muňa ynandy. Bankyň işgärleri-de bankomatyň işleýändigini tassykladylar. Ondan diňe Raffiniň aýaly däl, eýsem, islän adam pul çekip biler. Sebäbi är-aýal enjamy öýde däl-de, Raffiniň iş edarasynda oturtmak kararyna geldiler.

Bankyň işgärleri-de Raffiniň we onuň aýalynyň hormatly müşderileridigini habar berdiler, şonuň üçin olar maşgalabaşa adaty bolmadyk sowgady guramakda kömek edipdirler.

Bu barada «MIR 24» teleýaýlymy habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň