Soňky habarlar

Arhiw

«Stilli Dekor» özboluşly bezeg önümlerini we el işlerini hödürleýär

12:3726.02.2022
0
6790

«Stilli Dekor» – bu özboluşly bezeg önümleriniň onlaýn dükanydyr. Bu dükandaky dürli görnüşli bezeg önümleriniň hemmesi stil duýgusyny we özboluşly gözýetimi birleşdirýär. Hödürlenýän önümleriň köpdürlidigine garamazdan, bu ýerde tötänleýin düşen gerekmejek zat ýok.

«Stilli Dekor» internet dükanynyň başlygy: «Biz bezegi islendik interýeriň (jaýyň içki giňişligi) aýrylmaz bölegi hasaplaýarys. Internet dükanymyzyň dürli görnüşli bezeg önümleriniň – mebeller, aýnalar, yşyklandyryş enjamlary we owadan gap-gaçlar ýaly köp sanly harytlarynyň ählisi otagda stil we rahatlyk atmosferasyny döretmek üçin seresaplylyk bilen saýlanýar» diýip belledi.

«Stillidekor.com» web sahypasynyň «elde ýasalan önümler» bölüminde türkmen senetçileriniň elde ýasalan önümleri hem hödürlenýär. Bu önümleri öz işiniň hakyky ussatlary ýasapdyrlar.

«Stilli Dekor» internet dükanyndaky köp sanly özboluşly suratlardan, üýtgeşik bezeg önümlerinden we ş.m harytlardan öz isläniňizi ýakynlaryňyza sowgat hökmünde satyn alyp bilersiňiz.

Müşderilere amatly bolar ýaly, «stillidekor.com» web sahypasyndaky önümleriň ähli görnüşi düzümleýin häsiýetde tematiki toparlara bölünýär. Şeýle hem tertipleşdirmek, dürli görnüşli displeý we sahypa gözlegi üpjün edilýär.

«Stilli Dekor» internet dükany arzanladyşlary we aksiýalary hödürleýär. Bu dükanyň önümleri bilen «stillidekor.com» web sahypasynda we instagram sahypasynda tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň