Soňky habarlar

Arhiw

Orenburgda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak mümkinçiligine seredildi

12:0226.02.2022
0
5252
Orenburgda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak mümkinçiligine seredildi
Surat: Генконсульство Туркменистана в Казани

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Atadurdy Baýramow bilen Orenburg oblastynyň gubernatory Denis Pasleriň arasynda geçirilen duşuşykda Orenburgda türkmen söwda öýüni açmagyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky diplomatik wekiliýetiniň resmi saýtynda bellenilýär.

Iş saparynyň çäklerinde Orenburg oblastynyň ykdysady ösüş ministri Denis Gonçarowa hem-de Söwda-senagat palatasynyň prezidenti Oleg Awdeýewe Türkmenistanyň Kazanda şu ýylyň fewral aýynda işi ýola goýlan söwda öýi tanyşdyryldy.

Duşuşyga gatnaşyjylara iki ýurduň döwlet we hususy gurluşlarynyň arasynda eksport-import hyzmatdaşlygyny ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň önümçilik kuwwaty barada maglumat berildi.

Geçirilen duşuşykda bulardan başga-da, türkmen önümleriniň eksportyndan Orenburgyň önümleriniň Türkmenistana import edilmeginiň artmagy netijesinde iki tarapyň daşary söwda dolanyşygynyň 2020-nji ýylyň netijeleri bilen deňeşdirilende 2021-nji ýylda 198,7% ýokarlanandygy bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň