Soňky habarlar

Arhiw

«Daýhanbank» DTB «Cash back» hyzmatyny iýun aýynyň ahyryna çenli uzaldýar

11:2526.02.2022
4
18768

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen «Goýum bank karty», şeýle-de kärendeçileriň «Altyn asyr» bank kartlaryny saklaýjy müşderilerine amatly şert döredýär. Has takygy, bank degişli kartlardan peýdalanýan müşderilere töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde geçirilen tölegler boýunça 2 göterim möçberli «Cash back» höweslendiriş hyzmatynyň 2022-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli uzaldylandygyny habar berýär.

Bu hyzmatyň möhletiniň uzaldylmagy bilen bankyň «Goýum bank karty» we kärendeçileriň «Altyn asyr» bank kartlaryny ulanýan raýatlar hasaplaryndaky pul serişdelerini tygşytlap bilerler.

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň hödürleýän amatlylygy barada has giňişleýin maglumat almak üçin şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz:

  • Aşgabat şäheri: 38-02-20; 24-49-24; 38-01-37;
  • Ahal welaýaty: 8-00137-34-4-73;
  • Balkan welaýaty: 8-00246-5-15-88;
  • Daşoguz welaýaty: 8-00322-9-38-81;
  • Lebap welaýaty: 8-00422-9-08-39;
  • Mary welaýaty: 8-00522-6-76-32.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Tokmak ( 22.03.2022 )

Daýhanbanka Goýum kart açdyrmak üçin 2 gezek bardym. Her gezekde hem "Şu wagt kart ýok, kart açyp bilemizok" diýdiler. Kartyň haçan boljakdygy hakynda beren soragyma bolsa "Belli däl" diýen jogaby aldym..

30