Arhiw

Türkmenistanda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy

11:0526.02.2022
0
4069

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň