Soňky habarlar

Arhiw

Kiberone halkara IT mekdebi okuwlaryň ähli bilim ugurlary üçin 25 göterim arzanladyş yglan etdi

10:0926.02.2022
0
5483

Türkmenistandaky Kiberone halkara programmirleme mekdebi Halkara Nowruz baýramy mynasybetli okuwlaryň (kurslaryň) ähli bilim ugurlary üçin arzanlaşyk çäresine başlandygyny habar berdi. Arzanlaşyk çäresiniň şertine görä, bu ýerde raýatlar 50-den gowrak bilim ugry (modul) boýunça 25 göterim arzanladyş bilen okuwa kabul edilýär.

Kiberone okuwlarynda (kurslarynda) 6 ýaşdan 14 ýaşa çenli çagalar üçin okuwlar geçirilýär. Türkmenistandaky Kiberone halkara programmirleme mekdebinde web sahypalary we ykjam programmalary, kompýuter oýunlaryny nädip döretmelidigini, web-dizaýn, CEO we SMM gönükdirme bilen meşgullanmagy öwrenip bilersiňiz. Şeýle hem, bu Kiberone okuwlarynda multiplikasiýanyň (aýratyn suratlary ýa-da gabaraly zatlaryň aýry-aýry böleklerini yzygiderli surata alma) esaslaryna düşünmegi, maglumatlary seljermek tehnologiýalary hem-de emeli aň ulgamy bilen işlemegi öwrenip bilersiňiz.

Türkmenistandaky Kiberone halkara programmirleme mekdebinde ýaş IT hünärmenlerine ýokary hünär derejeli, tejribeli halypalar (tutorlar) bilim berýärler. Bu ýerde türkmen we halkara IT kompaniýalarynyň häzirki işgärleri iş wagtynyň 80 göteriminden gowragyny amaly okuwlara sarp edýärler. Bu amaly okuwlar bolsa häzirki zaman dünýäsinde, internet we sanly tehnologiýalar pudaklarynda we kompaniýalaryň işewürlik işlerinde bolup geçýän üýtgeşmeleriň düýp esas- özenidir. Çünki IT hünäri adam mümkinçiliklerini giňeldýär we onuň durmuşyny ýeňilleşdirýär.

XXI asyrda IT bilimini özleşdirmek we sanly tehnologiýalara düşünmek, tankyda werziş bolmak Türkmenistandaky Kiberone halkara programmirleme mekdebiniň ýaşlara hödürleýän hünär ussatlygydyr.

Kiberone okuwlaryna ýazylmak üçin has giňişleýin maglumaty @kiberonetm instagram sahypasyndan alyp bilersiňiz.

Telefon belgisi: +993 63 63-91-92

Telefon jaňlary şenbe we ýekşenbe günleri kabul edilýär.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň