Soňky habarlar

Arhiw

Federasiýanyň kubogynyň eýesi “Şagadam” Türkmenistanyň çempiony “Altyn asyrdan” üstün çykdy

18:2521.02.2015
0
3558

 Aşgabat, 21.02.2015. “Türkmenportal”

Ýurdumyzyň çempiony “Altyn asyr” (Aşgabat) bilen milli çempionatyň bürünç medalynyň eýesi “Şagadamyň” (Türkmenbaşy) arasynda 21-nji fewralda guralan ýoldaşlyk duşuşygynda deňiz ýakasyndaky şäheriň komandasy 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Bu oýunda duşuşygyň ykbalyny çözen gollar bary-ýogy 11 minutyň dowamynda tora salyndy.

Myrat Annaýewiň 64-nji minutda  tora salan topy  “Altyn asyr” komandasyny öňe çykardy. Emma aradan 4 minut geçensoň Tirkis Muhammetberdiýew hasaby deňledi. 75-nji minutda bolsa paýtagtly futbolçylaryň derwezesine bellenilen 11 metrlik jerime urgusyny Hemra Amanmämmedow dürs ýerine ýetirdi. Bu bolsa “Şagadama” çempiondan üstün çykmaga mümkinçilik berdi.

Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” komandasy geçen ýyl Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşda ýeňiji bolupdy. Şonuň üçin şu ýyl şol adyny goramagy maksat edinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň