Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda döwlet düzümlerinde hünär synaglary geçirildi

21:5325.02.2022
0
6287

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet düzümlerinde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maliýe-ykdysady meseleleri boýunça orunbasarlarynyň, degişli müdirlikleriň başlyklarynyň we baş hasapçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen hünär synagynyň netijeleri hakynda hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ähli döwlet düzümleriniň işiniň ýokary sowatlylyk derejesinde guralmagynyň wezipeli adamlaryň dolandyryş işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyna baglydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, işgärleriň hünär derejesine baha bermek düzümleriň ýolbaşçylary üçin esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şunda ähli hünärmenleriň işine yzygiderli esasda gözegçilik etmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler işlenip taýýarlanylmalydyr diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň