Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurtlarda berlen bilim baradaky resminamalary ykrar etmegiň Tertibi tassyklanyldy

09:2421.02.2015
0
8788

Aşgabat, 21.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary ykrar etmegiň Tertibini tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekdi.

Karara laýyklykda bu resminamalary ykrar etmek üçin olaryň eýeleri bellenilen tertipde Türkmenistanda degişli döwlet synaglaryny tabşyrmalydyr. Döwlet synaglaryny geçirmegiň ýygylygy ýylda dört gezege çenli köpeldildi. Olary üstünlikli tabşyranlara bellenen nusgadaky resminamalar berler.

Bu karar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge türkmenistanlylaryň daşary ýurtlarda alan hünärlerini ulanmaga, ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek meselelerini çözmäge, ähli pudaklary ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.

Bu günki gün türkmenistanlylaryň ýaş nesline ýokary derejeli bilim almaga, şol sanda öz saýlan hünärlerini daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerinde ele almaga ähli şertler döredilendir.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň