Soňky habarlar

Arhiw

Milli maksatnamanyň täze, rejelenen görnüşiniň baş maksady raýatlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakdyr

07:1021.02.2015
0
3370

Aşgabat, 21.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylyň dekabr aýynda kabul edilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” taslamasynyň täze, rejelenen görnüşini makullady.

Geçen ýedi ýylyň içinde bu maksatnamanyň çäklerinde durmuş maksatly binalaryň 832-si guruldy. Mundan başga-da, 8 müň kilometr suw geçirijiler, 12,2 müň kilometr gaz geçirijiler, 10,4 müň kilometr elektrik geçirijiler, 4,5 müň kilometr awtomobil ýollary ulanmaga berildi, aragatnaşyk ulgamynda 15,7 müň kilometr telefon ulgamy çekildi, 385,5 müň sany telefon belgileri oturdyldy, 2,7 million sany el telefon belgileri berildi, şeýle hem beýleki düzümleýin desgalar guruldy. şol döwrüň içinde 2 sany iri we 10 sany kiçi agyz suwuny arassalaýjy desgalaryň, şeýle hem 4,5 million inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işleri tamamlandy.

Geçirilen seljermeleriň netijeleri boýunça 2015 — 2020-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň möçberleri boýunça geçirilen hasaplamalary nazara almak bilen, sebitleri özgertmek baradaky maksatnamanyň rejelenen görnüşi taýýarlanyldy. şu taýýarlanan resminama laýyklykda, geljekde durmuş maksatly binalaryň 600-den gowragyny hem-de düzümleýin maksatly desgalaryň müňlerçe kilometrini gurmak göz öňünde tutulýar.

Milli maksatnamanyň esasy maksady welaýatlary senagatlaşdyrmaga ýardam etmekden, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmakdan, täze iş orunlaryny döretmekden we raýatlarymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň