Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow «Türkmenistan-ABŞ» işewürlik geňeşiniň ýolbaşçysy bilen telefonda söhbetdeş boldy

21:4824.02.2022
0
2687
Berdimuhamedow «Türkmenistan-ABŞ» işewürlik geňeşiniň ýolbaşçysy bilen telefonda söhbetdeş boldy
surat: tdh.gov.tm

Şu gün hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen «Türkmenistan-ABŞ» işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu işewürlik geňeşi uzakmöhletleýin we özara bähbitli esasda ýola goýulýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça 2008-nji ýylda döredildi.

Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmek boýunça geljekki meýilnamalar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän, ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Işewürlik geňeşiniň agzalary bolup durýan amerikan kompaniýalary köp ýyllardan bäri türkmen bazarynda strategik ähmiýetli ugurlarda üstünlikli işleýär. Häzirki wagtda «JOHN DEERE», «СASE», «General Eleсtriс», «Boeing» kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen deňhukuklylyk esasynda açyk işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary ykdysady ugrunyň möhüm ýörelgesidigini belledi, şeýle-de türkmen tarapynyň ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmasyny goldaýandygyny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklaýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, işewürlik geňeşi tarapyndan guralýan hem-de iki ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýän işewür duşuşyklarynyň, dürli maslahatlaryň we sergileriň geçirilmegini yzygiderli dowam etmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň