Malaýziýanyň futbol ýygyndysy martda iki sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

19:0524.02.2022
0
3845

Malaýziýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy mart aýynda Filippinleriň we Singapuryň ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer. Bu barada New Straits Times neşiri habar berýär.

Şol duşuşyklaryň ilkinjisi 23-nji martda Filippinleriň (Aşgabat wagty bilen sagat 17-de başlar), ikinjisi 26-njy martda Singapuryň (Aşgabat wagty bilen sagat 17-de başlar) ýygyndysy bilen bolar.

Elbetde, bu duşuşyklar Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryna taýýarlygyň çäklerinde geçiriler. Malaýziýanyň ýygyndysynyň Türkmenistanyň futbol ýygyndysy bilen bilelikde «E» toparça wekilçilik edýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň