Soňky habarlar

Arhiw

Malaýziýanyň ýygyndy toparynyň tälimçisi Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga ýokary baha berdi

18:2024.02.2022
0
5369
Malaýziýanyň ýygyndy toparynyň tälimçisi Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga ýokary baha berdi
Surat: Malay Mail

Malaýziýanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň tälimçisi, koreýaly hünärmen Kim Pan-Gon Aziýanyň Kubogy — 2023-iň saýlama tapgyrynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň toparlarynyň arasynda boljak duşuşyga uly ähmiýet berýändigini beýan etdi.

Şu gün Aziýanyň Kubogy — 2023-iň saýlama tapgyry üçin geçirilen bije çekişligiň netijelerine laýyklykda, Malaýziýanyň ýygyndy topary Bahreýniň, Türkmenistanyň hem-de Bangladeşiň milli ýygyndylary bilen bir toparçada bäsleşer.

Belläp geçsek, Kim Pan-Gon Malaýziýanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň tälimçisi wezipesine 2022-nji ýylyň ýanwarynda bellenildi. Ozal bolsa tälimçi bu ugurda Gonkongyň milli ýygyndysyna (2009 — 2010-njy we 2012 — 2017-nji ýyllarda), Gonkongyň ýaşlar ýygyndy toparyna (2009-njy we 2012-2013-nji ýyllarda), «Saut Çaýna Atletik Assoseýşn» (2008 — 2010-njy ýyllarda) hem-de «Gonkong Reýnjers» (2003-2004-nji ýyllarda) toparlaryna tälimçilik etdi. Ol tälimçi hökmünde başga-da birnäçe toparda işledi.

«Bahreýniň toparçanyň iň güýçli topary bolmagy mümkin. Türkmenistana garşy geçirjek ilkinji duşuşygymyz biziň üçin örän wajyp ähmiýete eýedir. Bu duşuşykda hökman utuk gazanjak bolmaly. Elbetde, soňky duşuşygymyzda Bangladeşi ýeňmeli. Umuman, toparçada jemi 7 utuk toplamagy maksat edinýäris» – diýip, «Malay Mail» neşiri tälimçiniň geçiriljek duşuşyklar baradaky sözlerine salgylanýar.

E toparçanyň duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde bir aýlawda, has takygy, 8-nji, 11-nji hem-de 14-nji iýunda Malaýziýada geçiriler.

Malaýziýanyň milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy — 2023-iň saýlama tapgyrynda ilkinji duşuşygyny 8-nji iýunda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna garşy geçirer. Ýaryşyň final bölegine jemi 11 topar, şol sanda toparçalaryň 6 ýeňijisi, şeýle-de, toparçada ikinji orny eýelän iň gowy görkezijili 5 topar gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň