«Xiaomi» kompaniýasy wirusa garşy sport geýimini öndürdi

15:1023.02.2022
0
3092

«Xiaomi» ýörite Hindistanyň bazary üçin niýetlenen täze wirusa garşy täsiri bolan sport geýimini işläp taýýarlady. «Performance» atlandyrylan bu longsliw geýimi wirusa, şeýle-de, ultramelewşe şöhlelere garşy gorag bilen örtülendir.

Ferra.ru saýtynyň habar berşi ýaly, ajaýyp gara reňkli sport geýiminiň arka ýüzünde «Xiaominiň» nyşany ýerleşdirilipdir. Täze geýim Dritech+ tehnologiýasy esasynda gaýtadan işlenilen materialdan hem-de wirusa garşy serişdelerden taýýarlanyldy. Dritech+ tehnologiýasy geýimiň içindäki howa bilen daşyndaky howanyň temperaturasynyň arasyndaky tapawudy 2 gradus peseldýär. Ultramelewşe şöhlelere garşy täsiri bolsa bu geýim açyk howada sport bilen meşgullanmakda juda oňaýlylyk döredýär.

Ýeri gelende, geýimiň materialynyň patogenler geçmez ýaly ýörite usulda dokalandygyny hem bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň