Türkmen samboçylary Minskide geçirilen Dünýä Kubogynyň ikinji tapgyrynda ýedi medal gazandylar

12:0620.02.2015
0
15350

Aşgabat, 20.02.2015. «Türkmenportal».

Türkmen pälwanlary Minskide tamamlanan sambo boýunça Dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşda ýedi: iki altyn, bir kümüş, dört bürünç medal gazandylar. Bu ýaryşa 18 döwletden türgenler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baýrak gaznasyna 4 medaly söweş sambosynyň ussatlary getirdiler.

68 kg çenli agramda Abdylla Babaýew altyn, 17 ýaşly Kerimberdi Döwletow bürünç medallara mynasyp boldular. 82 kg çenli agramda çykyş eden Jöwlanbek Madaminow hormat münberiniň üçünji basgançagyna çyksa, 90 kg çenli agramda Mergen Tejenow altyn medal eýeledi.

Sport sambosynyň ussatlaryndan Tejen Tejenowyň (82 kg çenli agram) bürünç, şeýle hem zenanlaryň arasynda Gülbadam Babamuratowyň (52 kg çenli agram) kümüş, Zuhra Madraimowanyň (60 kg çenli agram) bürünç medallaryny bellemek bolar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň