Aşgabatda +18° maýyl howa bolar

09:0023.02.2022
0
3941

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 23-nji fewralda Aşgabatda hem-de welaýatlarda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +8°, gündizine +13... +18°, kenarýaka etraplarynda +7... +12° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 758 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Awazada: howa +9... +11°, basyşy 761 mm, çyglylygy 70 — 90%.

Balkanabat şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 763 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +8°, gündizine +14... +19° maýyl bolar.

Änew şäherinde: howa +17... +19°, basyşy 741 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Tejen şäherinde: howa +16... +18°, basyşy 745 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +14... +19° maýyl bolar.

Mary şäherinde: howa +17... +19°, basyşy 744 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Baýramaly şäherinde: howa +16... +18°, basyşy 739 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +6°, gündizine +13... +18° maýyl bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 747 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Kerki şäherinde: howa +16... +18°, basyşy 742 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +5°, gündizine +13... +18° maýyl bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 754 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Köneürgenç şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 759 mm, çyglylygy 55 — 75%

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň