Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Adalat ministrligi elektron-kommunikasiýa ulgamlarynyň kibergoragyny üpjün etmek üçin enjamlary satyn alar

20:2122.02.2022
0
9651

Türkmenistanyň Adalat ministrligi elektron-kommunikasiýa ulgamlaryny kibergorag bilen üpjün etmek üçin zerur enjamlary satyn alar. Bäsleşikli söwda baradaky bildiriş 22-nji fewralda «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 2022-nji ýylyň 10-njy martyna çenli Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýynda – Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38, 39-46-32.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň elektron poçtasy: adalat@online.tm.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň