Soňky habarlar

Arhiw

Efiopiýada ägirt uly GES işe girizildi

14:2022.02.2022
0
3422
Efiopiýada ägirt uly GES işe girizildi
Surat: mir24.tv

Efiopiýada Nil derýasynyň boýunda «Beýik galkynyşyň bekedi» diýlip atlandyrylan täze uly göwrümli gidroelektrik stansiýany işe girizdiler. Turbinalaryň ýola goýulmagyna ýurduň premýer-ministri Abiý Ahmed hem gatnaşdy. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp mir24 habar berýär.

Häzirki wagta çenli bu taslamanyň gurluşygyna 2 milliard töweregi dollar harçlanyp, onuň gurluşygynyň doly ýagdaýda tamamlanmagyna çenli bolsa taslamanyň umumy harajaty 5 milliard dollara barabar bolar.

Bellenilişine görä, bu elektrik bekedi Afrika yklymynda iň uly stansiýa bolup, onuň esasynda alynýan elektrik energiýasy goňşy döwletlere hem eksport ediler. Bu babatda Sudan hem-de Müsür döwletleri elektrik bekedine sarp ediljek suwuň Niliň aşaky akymlarynda suw ýetmezçiligine getirip biljekdigini belleýärler.

Öz nobatynda ýurduň premýer-ministri Abiý Ahmed Efiopiýanyň hiç bir döwlete zyýan bermek islemeýändigini belleýär: «Efiopiýanyň esasy maksady öz ilatynyň garaňkylyk zerarly kösenýän 60 göterimini elektrik togy bilen üpjün etmek, energiýa almak üçin arkasynda odun daşaýan enelerimizi bu agyr zähmetden goramakdyr».

Bütindünýä bankynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, Efiopiýanyň üçden iki bölegi elektrik energiýasyna mätäçlik çekýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň