Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy sürüjileri işe çagyrýar

16:5721.02.2022
0
9489

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy awtobuslarda sürüji bolup işlemäge isleg bildirýän «D» sürüjilik derejesi bolan raýatlary işe çagyrýar. Bu barada agentligiň resmi web saýtynda habar berilýär.

Sürüji bolup işlemäge isleg bildirýän raýatlar bilen söhbetdeşlik hepdäniň duşenbe, sişenbe, çarşenbe, penşenbe, anna günleri 9:00-dan 17:00-a çenli geçirilýär.

Bellik: 13:00-dan 14:00-a çenli arakesme

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 55-38-32; 55-38-50; 44-33-52; 44-33-59.

Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 424-nji jaý.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň