Soňky habarlar

Arhiw

Jakartada basketbol boýunça Aziýanyň kubogy ― 2022-niň bijeleri çekildi

11:0121.02.2022
1
3507

Indoneziýanyň paýtagty Jakarta şäherinde şu ýyl basketbol boýunça erkekleriň milli ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň bijeleri çekildi. Yklym ýaryşy 12 ― 24-nji iýul aralygynda Jakarta şäherinde geçiriler. Bu barada fiba.basketball habar berýär.

Arzyly Kubok üçin 16 ýygyndy göreşer. Olar Indoneziýanyň, Awstraliýanyň, Bahreýniň, Hytaýyň, Taýwanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Ýaponiýanyň, Iordaniýanyň, Gazagystanyň, Koreýa Respublikasynyň, Liwanyň, Täze Zelandiýanyň, Filippinleriň, Saud Arabystanynyň we Siriýanyň ýygyndylarydyr.

Bije çekilişigiň netijesinde gatnaşýan ýygyndylar dört toparça bölündi. Şeýlelikde, «A» toparçany Saud Arabystanynyň, Iordaniýanyň, Awstraliýanyň, Indoneziýanyň, «B» toparçany Taýwanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaýyň, Bahreýniň, «C» toparçany Eýranyň, Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Siriýanyň, «D» toparçany bolsa Hindistanyň, Liwanyň, Filippinleriň, Täze Zelandiýanyň ýygyndylary emele getirdiler.

Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşda görkeziljek gowy netije ýygyndylaryň dünýä çempionatyna we Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiligini artdyrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň