Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşy 8500 ýyl töweregi bolan gadymy oturymly ýerleriň üsti açyldy

18:5919.02.2022
0
3843
Ýaşy 8500 ýyl töweregi bolan gadymy oturymly ýerleriň üsti açyldy
Surat: russianemirates.com

Abu-Dabi şäheriniň günbataryndaky Gaga adasynda geçirilen arheologik gözlegleriň dowamynda ýaşy 8500 ýyl töweregi bolan irki oturymly ýerleriň üsti açyldy. Eger öň sebitde ilatyň köpelmegine neolit döwründe ýüze çykan deňiz söwda ýollary sebäp boldy diýip hasap edilen bolsa, onda soňky tapyndylar neolit oturymly ýerleriň öňem barlygynyň subutnamasy bolup durýar. Barlaglaryň dowamynda arheologlar oturymly ýerleriň takyk ýaşyny kesgitlemek üçin agaç kömrüni uglerod-14-de barlamak ýaly ösen usullary ulandylar.

Russianemirates.com-yň habar bermegine görä, bu arheologik tapyndylar BAE döwletiniň häzirki çäginde ýaşap geçen ilat bilen deňziň arasyndaky çuňňur medeni baglanyşyklara has gowy düşünmäge kömek eder. Şeýle-de, olar Abu-Dabi adalarynyň adamzadyň innowasiýalarynyň merkezi bolandygyny we daş asyrynyň ahyrky, ýagny siwilizasiýanyň ösüşiniň möhüm döwri bolan neolitde işjeň ýagdaýda ilatlaşandygyny görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň