Soňky habarlar

Arhiw

Gahar we geň galmak duýgularyny beýan edip bilýän robot döredildi

13:2519.02.2022
0
3196
Gahar we geň galmak duýgularyny beýan edip bilýän robot döredildi
Surat: RIKEN Guardian Robot Project

Ýapon inženerleri tarapyndan alty esasy duýgyny beýan edip bilýän adaty bolmadyk çaga roboty döredildi. Gazeta.ru-nyň habaryna görä, RIKEN Guardian Robot Project taslamasynyň çäklerinde döredilen robot Nikola adyny aldy. Bu robot daşyndan saçsyz oglany ýatladýar. Robotyň ýüzündäki duýgular emeli myşsalaryň hereketini dolandyrýan 29 sany pnewmatiki herekete getiriji arkaly döredilýär. Nikolanyň kellesi we gözleri bolsa goşmaça gurnalan alty hereketlendiriji tarapyndan herekete getirilýär. Mehanizmiň işleýşinde gysylan howanyň ulanylmagynyň netijesinde robot ýeterlik derejede kadaly we sessiz hereket edýär.

Alymlar robotyň duýgularynyň adamlarda galdyrýan täsiriniň barlagyny geçirdiler. Frontiers in Psychology-da çap edilen ylmy makalada meýletinçileriň robotyň: şatlyk, gynanç, gorky, gahar, geň galmak we ýigrenç ýaly alty adaty duýgyny dogry tanap bilendigi hakynda aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde-de, robotyň ýeterlik derejede elastik bolmadyk sintetik derisi, emele gelýän ýygyrtlar sebäpli duýgulary tanamagy kynlaşdyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň