Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli halkara maslahat we sergi geçiriler

22:0918.02.2022
0
6661

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji fewralda Aşgabatdaky Ru­hy­ýet köş­gün­de Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da bir­nä­çe res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na se­re­dil­di, şeý­le hem kä­bir meseleler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynyň dowamynda Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Mäm­me­do­wa Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­ny ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hasabatda beýan edilişi ýaly, şu ýylyň 1-2-nji mart­ynda Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da «Bag­ty­ýar­lyk ba­ha­ry­nyň şe­kil­len­di­riş sun­ga­tyn­da­ky was­py» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ty­ we ser­gi­­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Bu hal­ka­ra fo­ru­ma Türkmenistanyň dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri bi­len bir ha­tar­da da­şa­ry ýurt­la­ryň hem meş­hur su­rat­keş­le­ri­niň, dö­re­di­ji­lik in­tel­li­gen­si­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly gat­naş­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.

Baý­ram­çy­ly­gyň öň ýa­nyn­da­ky gün­ler­de başga-da dür­li da­ba­ra­la­ry ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Pre­zi­den­t Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Türkmenistanda mäh­rem ene­le­re we ge­lin-gyz­la­ra tüýs ýü­rek­den hor­ma­tyň ny­şa­ny­na öw­rü­len aja­ýyp ba­har baý­ra­my­nyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň