Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda +13° maýyl howa bolar

09:0018.02.2022
0
1783
Aşgabatda +13° maýyl howa bolar

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 18-nji fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +12... +17°, kenarýaka etraplarynda +6... +11° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 754 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Awazada: howa +8... +10°, basyşy 763 mm, çyglylygy 55-75%.

Balkanabat şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 762 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -3° sowukdan +2° çenli, gündizine +11... +16° maýyl bolar.

Änew şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 739 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Tejen şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 750 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -3° sowukdan +2° çenli, gündizine +10... +15° maýyl bolar.

Mary şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 746 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Baýramaly şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 745 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 5 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -4° sowukdan +1° çenli, gündizine +10... +15° maýyl bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 749 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Kerki şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 744 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1... -6° sowuk, gündizine +5... +10° maýyl bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 761 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Köneürgenç şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 762 mm, çyglylygy 50 — 70%

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň