Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti dikuçarda Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyklar bilen tanyşdy

23:0017.02.2022
0
5936

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün dikuçarda Aşgabadyň günorta künjeginde dag eteklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Paýtagtymyzyň soňky ýyllarda sazlaşykly ösýän günorta künjeginde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow guşuçar belentlikden beýik akyldaryň hormatyna döredilýän toplumyň çäginiň abadanlaşdyrylyşyny synlady. Häzirki wagtda şol ýerde toplumy abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek işleri alnyp barylýar. Olar Aşgabady baglyga büremäge, ýokary ekologik derejesini üpjün etmäge ýardam eder.

Soňra döwlet Baştutany şäheriň bu ýerinde gurluşygy alnyp barylýan suw howdanyny synlady. Ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýetiniň işçi-hünärmenleriniň tagallasy bilen ýagyn we sil suwlaryny bir ýere jemleýän howdanyň gurluşygy alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu ýerde sil suwlaryny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Şunda ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütler hem-de bu ugra degişli öňdebaryjy tejribe işjeň ulanylýar.

Soňra milletiň Lideriniň dikuçary paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjegine tarap ugur aldy. Bu ýerde häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede bina edilýän döwrebap ýaşaýyş toplumlary emele geldi. Döwlet Baştutany uçuşyň dowamynda Gurtly ýaşaýyş toplumynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini, bu ýerde halkymyzyň eşretli durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň ýerine ýetirilişini synlady.

Döwlet Baştutanynyň dikuçary paýtagtymyzyň demirgazyk tarapyna ugur aldy. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde dürli maksatly binalaryň, şol sanda durmuş maksatly desgalaryň hem-de medeni we işewürlik merkezleriniň gurluşyklary batly depginde dowam edýär.

Aşgabadyň Halkara howa menziliniň golaýynda gurlan işewürlik merkezli köpugurly «Garagum» myhmanhanasynyň ýerleşen çäginde birnäçe desgalaryň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Olar tebigat bilen aýratyn sazlaşygy emele getirip, geljekde paýtagtymyzyň bezegine öwrüler. Häzirki wagtda bu ýerde Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygy dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň