Soňky habarlar

Arhiw

Ilon Mask 5,74 milliard dollary haýyr-sahawat işine gönükdirdi

17:5017.02.2022
0
3821

«Tesla» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Ilon Mask 2021-nji ýylyň 19-njy noýabryndan 29-njy noýabry aralygynda kompaniýanyň 5 milliondan gowrak paýnamalaryny haýyr-sahawat işine bagyşlady. Bu maglumat ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we birža komissiýasynyň hasabatynda beýan edilýär – diýip, daily.afisha.ru saýty habar berýär.

Paýnamalaryň şol döwürdäki bahasyny göz öňünde tutup, Maskyň haýyr-sahawat işine gönükdiren umumy pulunyň möçberini hasaplasaň, ol 5,74 milliard dollara barabardyr. Haýyr-sahawat kömegini alan edaranyň ady häzirlikçe nämälimligine galýar.

Bilermenleriň pikiriçe, Ilon Mask kompaniýanyň paýnamalaryny haýyr-sahawat guramasyna bermek bilen, salgyt ýeňilliklerini alyp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň