Soňky habarlar

Arhiw

«Honor» temperatura ölçeýji simsiz nauşnikleri öndürip başlar

17:3017.02.2022
0
3490

«Honor» kompaniýasy dünýäde ilkinji temperatura ölçeýji simsiz nauşnikleriň önümçiligini ýola goýar. «Honor Earbuds 3 Pro» diýlip atlandyryljak bu enjam 28-nji fewralda MWC 2022 halkara sergisiniň çäginde köpçülige tanyşdyrylar.

Häzirlikçe bu enjamyň dizaýnynyň nähili boljakdygyny onuň mahabat habaryndan görmek bolýar. Ýagny onuň daşky görnüşi «Honor Earbuds 2 SE» nauşniklerine çalymdaşdyr. Täze döredilen nauşnigiň esasy aýratynlygy bolsa onuň temperatura datçiginiň bolmagydyr. Onuň bilen ulanyjy islendik şertde bedeniniň temperaturasyny ölçäp biler.

ixbt.com saýtynyň belleýşi ýaly, «Honor Earbuds 3 Pro» simsiz nauşnigi mahabatlandyrylyşyna görä, sesi ýokary hilde çykarar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň