«Match TV» Ýewropa ligasynyň 1/16 finalynyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda görkezer.

17:1617.02.2022
0
2322
«Match TV» Ýewropa ligasynyň 1/16 finalynyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda görkezer.

Şu gün Ispaniýadan, Horwatiýadan, Italiýadan, Gresiýadan, Germaniýadan, Portugaliýadan, Moldowadan, Şotlandiýadan we Russiýadan 16 toparyň gatnaşmagynda Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary geçiriler.

Duşuşyklar Aşgabat wagty bilen sagat 22:45-de we 01:00-da bolar. Ähli oýunlar «Match TV», «Match! Futbol 1», «Match! Futbol 2», «Match! Futbol 3» we «Match! Premýer» rus teleýaýlymlarynda ýaýlyma berler.

Futbol janköýerleriniň ünsi bu tapgyryň esasy oýunlarynyň biri bolan «Barselona» bilen «Napoliniň» arasyndaky duşuşyga gönüger, ol «Match! Futbol 1» teleýaýlymynda 22:45-de ýaýlyma berler.

Ýeri gelende ýatlatsak, katalon kluby Çempionlar ligasynyň «E» toparçasynda «Bawariýa» we «Benfika» ýaly toparlardan yza galyp, 3-nji orny eýeledi we şol ýerden Ýewropa Ligasynyň pleý-off tapgyryna düşdi. «Napoli» bolsa «C» toparçada «Spartak», «Lester» we «Legia» toparlary bilen bilelikde çykyş edip, 2-nji orny eýelemegi başardy.

«Match TV»
22:45. «Zenit» (Russiýa) – «Betis» (Ispaniýa)
01:00. «Portu» (Portugaliýa) – «Lasio» (Italiýa)

«Match! Futbol 1»
22:45. «Barselona» (Ispaniýa) – «Napoli» (Italiýa)
01:00. «Atalanta» (Italiýa) – «Olimpiakos» (Gresiýa)

«Match! Futbol 2»
22:45. «Şerif» (Moldowa) – «Braga» (Portugaliýa)
01:00. «Sewilýa» (Ispaniýa) – «Dinamo Zagreb» (Horwatiýa)

«Match! Futbol 3»
22:45. «Borussiýa Dortmund» (Germaniýa) – «Reýnjers» (Şotlandiýa)
01:00. «RB Leýpsig» (Germaniýa) – «Real Sosýedad» (Ispaniýa)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň