Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogynyň «A» toparçasynda ýaryşar

12:3917.02.2022
2
8233

Türkmenistanyň futbol boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy şu ýylyň 1 ― 19-njy iýuny aralygynda geçiriljek Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň «A» toparçasynda çykyş eder. Bu şu gün Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherindäki «Bunýodkor» stadionynda geçirilen bije çekilişigiň netijesinde belli boldy.

Ýaşlar ýygyndymyzyň taryhynda ilkinji gezek yklym çempionatyna gatnaşýandygyny ýatladýarys. «A» toparça türkmen futbolçylaryndan başga-da, ýer eýeleriniň ― Özbegistanyň, Eýranyň we Kataryň ýygyndylary wekilçilik edýär.

Saýlama ýaryşlarda toparçalarda ikinji orny eýelän ýygyndylaryň arasynda iň gowy netije görkezenleriň hataryna girmegi başaran türkmenistanly futbolçylar bije çekilişige dördünji sebetden gatnaşdylar. Ýeri gelende aýtsak, Özbegistanda geçiriljek yklym ýaryşynda arzyly kubok üçin 16 ýygyndy güýç synanyşar.

Ýokarda-da ýazyşymyz ýaly, biziň ýygyndymyz «A» toparça wekilçilik edýär. «B» toparçany Awstraliýanyň, Iordaniýanyň, Yragyň we Kuweýtiň ýygyndylary emele getirdi. Bije çekilişigiň netijesine görä, Koreýa Respublikasynyň, Tailandyň, Wýetnamyň we Malaýziýanyň ýaşlar ýygyndylary «C» toparçada ýaryşar. «D» toparçany bolsa Saud Arabystanynyň, BAE-niň, Ýaponiýanyň we Täjigistanyň ýygyndylary düzýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň