Soňky habarlar

Arhiw

Täze «Çip we Deýl» multfilminiň tanyşdyryş wideosy hödürlenildi

16:5216.02.2022
0
2985
Täze «Çip we Deýl» multfilminiň tanyşdyryş wideosy hödürlenildi
Surat: www.film.ru

«Disney» kompaniýasy doly metražly «Çip we Deýl» multfilminiň tanyşdyryş wideosyny «YouTube» arkaly köpçülige ýetirdi. Täze multfilmiň wakalary häzirlikçe nämälimligine galýar, ýöne onuň burunduklar Çip hem-de Deýl barada gürrüň berýän ozalky multfilmden düýpgöter tapawutly boljakdygy mälimdir.

Multfilmiň esasy gahrymanlary — halas ediji burunduklar özlerini 30 ýyldan soň, kompýuter animasiýalarynyň birehim dünýäsinden tapýarlar. Tanyşdyryş wideosyndan görnüşi ýaly, filmde towşan Rojer, Aladdin hem-de «Pişikler» filminiň personažlary hem çykyş edýär. Filmde meşhur gemrijilere Endi Semberg we Jon Maleýni dagy ses berdi, şeýle-de, multfilme Akiwa Şaffer režissýorlyk etdi. Film.ru-nyň habar bermegine görä, «Çip we Deýl» multfilminiň ilkinji görkezilişi «Disney +» striming hyzmatlar öýünde bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň