Soňky habarlar

Arhiw

Russiýada sanly rubl barlagdan geçirilip başlandy

14:3616.02.2022
0
2945

Russiýanyň Merkezi banky sanly rubl platformasynyň şertlerini barlagdan geçirip başlady. «Resmi töleg serişdesiniň üçünji görnüşiniň adaty walýutadan esasy tapawutly aýratynlygy onuň harytlar we hyzmatlar üçin töleg amallaryny ýönekeýleşdirmegi, şeýle hem dürli maliýe guramalarynyň müşderileriniň arasynda pul geçirimlerine mümkinçilik döretjekdigi bilen baglydyr» – diýip, 4pda.com saýty habar berýär. Şunuň bilen birlikde täze platforma laýyklykda, müşderiniň hasaby aýratyn bir kartda bolmaz, elektron “gapjyga” bolsa islendik maliýe guramasynyň mobil goşundysyndan baglanyp bolar.

Bu platformany barlagdan geçirmegiň birinji tapgyrynda sanly rubllary ulanyşa goýbermek, banklara we raýatlara sanly «gapjyklaryň» açylmagy we pul geçirimleri ýaly amallar ýerine ýetiriler. Ikinji tapgyrda bolsa harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri tölemek, «akylly» şertnamalary amala aşyrmak we döwlet gaznasy bilen aragatnaşyk saklamak işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Soňlugy bilen, bu ugurda sanly rubllar bilen oflaýn töleg geçirmegi giňeltmek we rezident däl müşderiler üçin amallary geçirmek ýola goýlar. Eýýäm rubl taslamasyna synag toparyndan üç bank goşuldy. Ony iş ýüzünde barlag etmek taslamasyna bolsa jemi 12 bank isleg bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň