Arhiw

Ýewropa Bileleşigi smartfonlar üçin bir bitewi port babatda kanun kabul etmäge taýýarlyk görýär

14:1416.02.2022
0
4498
Ýewropa Bileleşigi smartfonlar üçin bir bitewi port babatda kanun kabul etmäge taýýarlyk görýär
Surat: denvit/pixabay.com

Smartfonlar, planşetler, nauşnikler we beýleki enjamlar üçin bir bitewi portuň ulanylmagy şu ýylyň ahyryna çenli Ýewropa Bileleşiginiň kanun çykaryjylary tarapyndan tassyklanar. 3dnews.ru-nyň habar bermegine görä, bu barada taslama gözegçilik edýän ýerli parlamentariý mälim etdi.

Şeýle başlangyç bilen ilkinji gezek Ýewropa komissiýasy mundan 10 ýyl ozal çykyş edipdi. Ýöne şol wagt umumy tehniki çözgüt babatda ylalaşyga gelinmänsoň, kanun taslamasy geçen ýyl täzeden taýýarlandy. Neşirde bellenilişine görä, bir bitewi portuň ulanylmagy baradaky ses berlişik maý aýynda bolup biler. Köpugurly port babatda kanun kabul edileninden soň, onuň öň pikir edişimiz ýaly, iki ýyldan däl-de, eýýäm alty aýdan soň güýje girmegi mümkindir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň