Soňky habarlar

Arhiw

Serbiýa döwleti wagtyndan öňki parlament saýlawynyň geçiriljek gününi kesgitledi

13:5816.02.2022
0
2463

Serbiýa döwletiniň Prezidenti Aleksandr Wuçiç parlamenti dargatdy (ýatyrdy) we tizden saýlaw bolmalydygyny kesgitledi. Mir24 web saýtynda habar berilmegine görä, döwletiň Prezidenti ýurduň teleýaýlymynda göni ýaýlymda halkyna ýüzlenip, saýlaw hakynda karara gol çekdi.

Prezident Wuçiç: «Mähriban halkym, Serbiýanyň Konstitusiýasy we Serbiýanyň Prezidentiniň kanuny, Mejlisiň karary esasynda Halk häkimiýetini (parlament) dargadýaryn (ýatyrýaryn)» diýip halkyna ýüzlendi. Döwlet gazetiniň habar bermegine görä, saýlawlar 2022-nji ýylyň 3-nji aprelinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň