Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-owgan serhedinde guruljak senagat toplumynyň gurluşygy barada görkezmeler berdi

13:1616.02.2022
0
8780

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda wise-premýerler R.Meredowyň, E.Orazgeldiýewiň, şeýle-de, Ç.Purçekowyň hasabatlaryny diňläp, olar bilen türkmen-owgan serhedinde gaýtadan işleýän senagat toplumynyň gurluşygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy we bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler boýunça olara birnäçe tabşyryklary berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň dowamynda Gazagystanyň hökümet wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde gazak tarapynyň türkmen-owgan serhedinde gaýtadan işleýän senagat toplumyny gurmak baradaky teklibi barada belläp geçdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýerlere degişli teklipden gelip çykýan wezipeleri içgin öwrenmek, şol sanda senagat toplumynyň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemek meseleleri boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň türkmen tarapynyň alyp barýan işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp geçdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler R.Meredowa, E.Orazgeldiýewe we Ç.Gylyjowa türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginde hem-de täze iş orunlarynyň döredilmeginde möhüm ähmiýeti bolan, gazak tarapy bilen türkmen-owgan serhedinde gaýtadan işleýän desgany gurmak boýunça geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany, Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň çäginde teklip edilýän senagat toplumyny gurmak üçin ähli zerur düzümler, şol sanda awtomobil we demir ýollary bar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz önümçilik desgasynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleleri degişli tarap bilen ylalaşmagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň