Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda 4000 orunlyk köpugurly medeni merkez gurlar

23:5515.02.2022
0
8069

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda Aşgabatda 4000 orunlyk köpugurly medeni merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär. Bu baradaky bildiriş «Türkmenistan» gazetiniň 15-nji fewraldaky sanynda çap edildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 8-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň