Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň brifingi geçirildi

17:0415.02.2022
0
3085

Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý Belarus Respublikasynyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Respublikan referendumyna taýýarlyk görlüşine bagyşlanan brifing geçirdi.

Belarus Respublikasynyň Doly ygtyýarly wekili öz çykyşynda belarus-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm meselelerine aýratyn ünsi çekdi. Onuň aýtmagyna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda taraplar diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellärler, Garaşsyzlyk ýyllarynda hyzmatdaşlygyň toplanan şertnamalaýyn-hukuk binýady bolsa dürli derejedäki 100-den gowrak ylalaşyklary özünde jemleýär.

Diplomat Aşgabadyň hem-de Minskiniň halkara derejesinde üstünlikli gatnaşyk edýändigini, BMG-niň çäklerinde özara goldaw berýändigini belledi. Mundan başga-da, özara bähbitli söwda hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ilçiniň sözlerine görä, türkmen bazarynda Belarusyň azyk önümleriniň görnüşleri, Belarusyň derman serişdeleri giň orun eýeleýär, awtoulaglaryň teker daşlyklary, akkumulýatorlar, gaýtadan işlenen agaç önümleri we beýleki harytlar iberilýär.

Öz gezeginde Belarus Türkmenistandan nebit önümlerini, dokma önümlerini, gap-gaçlary, plastmassadan taýýarlanylýan öý hojalygynda ulanylýan serişdeleri we beýlekileri satyn alýar.

Aşgabatda hem-de Minskide döredilen Milli söwda öýleriniň işi harytlaryň özara iberilişiniň görnüşini giňeltmäge goşant goşýar.

Ilçiniň sözlerine görä, belarus-türkmen ynsanperwer gatnaşyklary hem işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, diplomat Belarus Respublikasynyň okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň 8 müňden gowragynyň bilim alýandygyny nygtady. Şeýle hem ilçi pandemiýa tamamlanandan soň, Medeniýet günlerini özara geçirmegiň asylly däbiniň täzeden dikeldiljekdigine tüýs ýürekden umyt bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň