Soňky habarlar

Arhiw

Çempionlar ligasynyň 1/8 final duşuşyklary badalga alar

16:3115.02.2022
0
3207

Şu gün agşam, has takygy ýarygijeden soň, dünýäniň millionlarça telewizorlarynda uly gyzyklanma bilen tomaşa edilýän UEFA Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň birinji duşuşyklary geçiriler.

Çempionlyga dalaş edýän 16 toparyň ilkinji jübüt garşydaşlary «Pari Sen-Žermen» bilen Madridiň «Realy» bolsa, beýleki duşuşykda «Sporting» öz meýdançasynda «Mançester Siti» toparyny kabul eder. Ýewropanyň dürli ýurtlaryndan bolan bu toparlaryň arasynda geçjek iki duşuşyk Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlanar.

Belläp geçsek, ertesi gün — 17-nji fewralda bolsa «Inter» — «Liwerpul», şeýle-de «Red Bull Salzburg» — «Bawariýa» toparlary özara duşuşyklary geçirerler.

Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň birinji duşuşyklarynyň we olaryň geçiriljek wagtynyň tertipnamasy:

«Pari Sen-Žermen» (Fransiýa) – Madridiň «Realy» (Ispaniýa) — 01:00;

«Sporting» (Portugaliýa) – «Mançester Siti» (Angliýa) — 01:00.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň