Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Türkmenabatdan Moskwa ýene bir ýörite uçuşy guraýar

13:1415.02.2022
0
21542

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň Telegram kanalynda ýerleşdirilen maglumata görä, S7 howa ýollary 18-nji fewralda Türkmenabat — Moskwa ugry boýunça ýörite uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

«2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenabat — Moskwa ugry boýunça amala aşyryljak uçuş üçin petekler 15-nji fewralda (sişenbede) sagat 10:00-da Aşgabatdaky S7 howa ýollarynyň wekilhanasynyň kassasynda satylyp başlanýar» diýlip, ilçihananyň beýannamasynda bellenilýär.

Nobatdaky uçuş dünýäde güýçli pandemiýa keseli ýüze çykaly bäri 36-njy gezek guralýan ýörite uçuşdyr. Şeýle uçuş soňky gezek 11-nji fewralda amala aşyryldy.

Dünýäniň beýleki ýurtlary bilen birlikde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlarynyň pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň