Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Mintimer Şaýmiýew bilen Alekseý Milleri doglan günleri bilen gutlady

22:1314.02.2022
0
3312

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewe hem-de «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Millere telegrammalary iberdi. Olarda türkmen Lideri täze, 2022-nji ýyl mynasybetli mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewe iberilen telegrammada türkmen Lideri onuň däp bolan dostlukly, netijeli türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandyny belledi. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Mintimer Şaýmiýewi 85 ýaşy bilen hem-de Keramatly apostol Andreý Perwozwannyý ordeni bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlady.

Alekseý Millere iberilen telegrammada türkmen Lideri «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gaz ulgamynda Türkmenistanyň öňden gelýän we möhüm hyzmatdaşydygyny kanagatlanma bilen belledi.

Dörän mümkinçilikden peýdalanyp, Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Alekseý Milleri 60 ýaş ýubileýi hem-de oňa Russiýa Federasiýasynyň Zähmet Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlady.

Döwlet Baştutany Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisine hem-de «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk we alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň